TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde, 2020-nji ýylyň 01-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat häkimliginde şäheriň çäginde ýaşaýan eneler we il ýaşululary bilen baýramçylyk duşuşygyny gurnadylar. Dabaranyň barşynda welaýat bölüminiň meýletinçileriniň we S.A.Nyýazow adyndaky Medeniýet öýüniň sungat ussatlarynyň şeýle hem aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy. Baýramçylyk çäräniň ahyrynda enelere we il ýaşulularyna TGVMJ-niň welaýat bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.