TGÝMJ-i adam hukuklary we Halkara Ynsanperwerlik Hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudakara toparynyň agzasy bolup, bu ugurda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmakda giň gerimli işleri alyp barýar. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi, Halkara Ynsanperwerlik Hukugynyň ornaşdyrylmagy babatyndaky 2018-2020-nji ýyllar üçin geçirilmeli çäreleriň iş meýilnamasyna laýyklykda, welaýatyň döwlet gullukçylarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 2020-nji ýylyň 04-nji sentýabrynda Daşoguz şäheriniň Oba hojalyk institutynda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezinde talyplaryň we işewür hyzmatdaşlarymyzyň arasynda işçi duşuşygy geçirdi. Duşuşygyň dowamynda welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti hakynda”, “Gyzyl Ýarymaý we Gyzyl Haç nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda” Türkmenistanyň kanunlary barada hem-de Halkara Ynsanperwerlik Hukugy boýunça çykyş edip, wideo şekilleri görkezdiler.