Men TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçisi Orazmedow Kuwwat. Men 2013-nji ýyldan bäri welaýat bölüminiň meýletinçisi. Jemgyýetiň alyp barýan ynsanperwerlik işlerinde ýakyndan ýardam bermek bilen, men öz ukyp başarnyklarymy kämmilleşdirdim.
       Biz ýaşlar, TGÝMJ-niň işinde, onuň esasy kömekçisi, daýanjy we geljegi bolup çykyş edýäris. Biz meýletinçiler sagdyn durmuş ýörelgesi üçin göreş maksatnamalarda, ilkinji kömegi bermegiň esaslaryny öwretmek, ilatyň töwekgel toparlaryna durmuş kömegini bermek, adatdan daşary ýagdaýlara we tebigy betbagtçylyklara taýýarlyk we öňa täsir etmek, daşky gurşawy goramak boýunça öz deň-duşlarymyzyň we okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Şu ýyl maňa ýokary okuw jaýyna girmek nesip etdi. Men mundan beýläk-de ýaşlar hereketini, meýletinçilgi ösdürmek maksady bilen, ýokary okuw jaýynda bile okajak deň duşlаrymy meýletinçilik işlerine çekmek üçin wagyz-nesihat çärelerini dowam etdirerin. Geljekde bilimli, dogruçyl we ýurdumyza peýdaly hünärmen bolup ýetişjekdigime ynandyrýaryn.