2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleri Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde, welaýatyň saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda Türkmenistanda ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak barada wagyz-nesihat çäresini geçirdiler. Çäräniň dowamynda respirator keselleriň öňüni almak boýunça çykyşlar gurnaldy. Çykyşlaryň dowamynda sorag-jogap alyşyldy we habar beriş çap serişdeleri paýlandy.