Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketi, Halkara Ynsanperwerlik Hukugy we esas goýujy ýörelgeleri hakynda bilimleri ýaýratmak boýunça Daşoguz welaýatynyň çäginde uly işler amala aşyrylýar. Adam hukuklary we Halkara Ynsanperwerlik Hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, TGÝMJ-i pudak edaralary, ýurduň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen işewür hyzmatdaşlygy saklaýar. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri tarapyndan 2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda Daşoguz welaýatynyň harby bölümleriniň, harby gullukçylarynyň we esgerleriniň arasynda Halkara Ynsanperwerlik Hukugy boýunça okuw sapaklary geçirildi. Okuw çäresiniň dowamynda degişli mowzuklar boýunça wideo şekiller görkezildi.