Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgiýetiniň iş meýilnamasyna laýyklykda 2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 15-nji Saglyk öýünüň binasynda Tükmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç keseller we maşgala lukmany kafedralary bilen bilelikde maşgala lukmanlarynyň arasynda ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça okuw çäresi geçirildi. Okuw çäresine Aşgabat şäheriniň 15 sany Saglyk öýlerinden maşgala lukmanlary gatnaşdylar. Okuw çäresiniň dowamynda Tükmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli hünärmenleri tarapyndan, ýiti respirator ýokanjynyň alamatlary, ir ýüze çykarmak, keseli anyklamak we seçip almak, näsaglary kliniki alyp barmak we şol sanda, maşgala lukmanlarynyň ambulator bejergileri, infeksion gözegçilik barada giňişleýin bilimler berildi. Okuw çäresiniň soňunda maşgala lukmanlaryna degişli maglumatlar elektron görnüşde paýlanyp berildi.