Golaýda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan oba hojalyk institutynyň talyplarynyň arasynda ylymlar güni mynasybetli çäre geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Ylym - bu döwletiň güýjüdir!” Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylymyň we bilimiň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrmakdaky baş maksatlaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym dünýäsine çuňňur aralaşmaklary, olaryň ukyp başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy, sanly ulgamdan, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp nazarýetdäki alan bilimlerini tejribeçilikde berkitmekleri ugrundaky işler esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Garaşsyz döwletimiziň ýaşalary özüniň ylmy garaýyşlary bilen ýurdumyzda işjeň hereket edýän ylmy tehniki syýasatyň durmuşa geçirilişine mynasyp goşandyny goşarlar.