Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri Gökderede ,,Beýik Serdaryň ruhybelent nesilleri“ we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň wagtyny hoş geçirmekleri üçin aýdym sazly sport çäreleri geçirdiler. Çagalar sportuň dürli görnüşleri boýunça basleşiklere gatnaşyp, Jemgyýet tarapyndan sowgatlara mynasyp boldular. Şeýle-de çagalara şahsy gigienanyň kadalary barada giňişleýin gürrüň berildi.