5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni, bu şanly sene mynasybetli TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan, welaýat bölüminiň hyzmatdaşlarynyň, işjeň agzalarynyň we meýletinçileriniň arasynda işçi duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda welaýat bölüminiň hünärmenleri Milli Liderimiziň başlangyjy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýändigi barada gürrüňler edildi. Şeýle geçirilýän işçi duşuşyklar halkymyzyň gadymyýetinden gelýän bu ynsanperwer däpleri, häzirki döwürde adamzadyň ähliumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp barha ösdürilýär.