BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



     Watanymyzda sepleşip gelýän ýyllaryň ahlisi haýyrly maksatlary öňde goýmak bilen başlanýar. 2020-nji ýyla hem, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany“ diýip at berildi.
       Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllarynda Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Türkmenistanyň Bitaraplygyny Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi örän buýsandyryjydyr.
       Şu ýyl 1941-1945-nji ýyllarda dünýäni elendiren urşuň Ýeňiş bilen tamamlananyna 75 ýyl bolýar. Dünýä taryhynda, adamlaryň ýüreklerinde ýatdan çykmajak yz galdyran urşunda müňlerçe türkmenistanly ýigitler doganlyk halklarynyň wekilleri bilen egin-egine berip, edermenligiň hem-de gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler.
       Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde muzeýde Beýik Ýeňişiň 75 ýyllyk baýramy mynasybetli ,,Merdana gerçeklere –baky Şöhrat“ atly aýdym sazly baýramçylyk sergisini gurnady. Bu serginiň çäginde uruş weteranlary bilen duşuşyk gurnalyp, olara gül çemenleriniň, sowgatlaryň gowşuryş dabarasy geçirildi. Uruş weteranlary ýaşlara we çagalara urşuň pajygaly wakalarynda türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň görkezen edermenlikleri barada gyzykly gürrüler berdiler. Weteranlar we ýaşlar muzeýdäki saklananýan Beýik Watançylyk Urşundan galan eksponatlar bilen tanyşdylar. Dabarada mekdep okuwçylarynyň aýdym-saz bilen çykyşlary dabaranyň has hem täsirli geçmegine ýardam berdi. Çäräniň soňunda TGÝMJ-niň işgärler, meýletinçileri, mekdep okuwçylary we talyplar uruş weteranlaryna biziň bu günki asuda asmanymyz üçin öz minnetdarlyklaryny aýtdylar.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2020
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
4023724
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
305
2740
5846
49123
4023724

Siziň IP: 3.94.21.209
2020-12-03
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi