Ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta bolan höwesekleriň sany her ýyl artýar, muny ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalarynyň sanynyň artmagy, ezber türgen bolmak isleýän ýaş nesillerimiziň köpelmegi bilen düşündirip bolar. TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasatynyň Baş müdirliginiň wekilleri bilen bilelikde 2020-nji ýylyň mart aýynyň 04-05-i aralygynda Daşoguz şäheriniň Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde, 6 ýaşdan 10 ýaşa çenli oglan – gyzlaryň arasynda sportuň küşt görnüşi boýunça sport ýaryşynyň birinjiligi geçirildi. Ýeňiji bolanlanlara welaýat bölümi tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Türkmen küştçüleriniň halkara ýaryşlarda, şol sanda dünýä çempionatlarynda hem üstünlikli çykyş edýändigini nygtamak gerek. Welaýat bölümi tarapyndan yzygiderli geçirilýän milli birinjilikler bolsa täze zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam edýär.