TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleriniň we meýletinçileriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmegi barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli ulgamlarda gazanýan belent sepgitleri, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, milli agzybirligi berkitmek hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kararyna laýyklykda, umumymilli forum bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň sentýabr aýynyň 23-inde paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahatlar köşgünde geçiriljekdigi barada durlup geçildi. Nygtalyşy ýaly, Halk Maslahaty döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylýan, ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen iň ýokary wekilçilikli maslahat bolup durýar. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň has-da ýokarlanmagyna, milli jebisligiň pugtalandyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyna uly goşant goşjakdygyny bellediler. Gatnaşyjylar duşuşygyň ahyrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, berk jan saglyk, uzak ömür we döwlet ähmiýetli tutumly işlerinde täze-täze üstünlikleri arzuw etdiler.