2026-njy ỳylyñ awgust aýynda Balkanabat şäheriniň “Serbi” çagalar bagynda, Bereket etrabynyň tikinçilik fabriginde, Türkmenbaşy, Etrek etraplarynda Türkmenistan döwletimiziñ şanly Garaşsyzlyk baỳramynyñ ỳetip gelỳan 35 ỳylygy mynasybetli çäreler geçirildi. Çärede çykyş edenler TGÝMJ-iň alyp barýan işleri onuň ugurlary barada giňişleýin aýdyp berdiler. Şeýle-de howanyň uýtgemegi bilen bagly yssy howada özüňi alyp barmagyň endikleri barada giňişleýin maslahat berdiler. Olara Garaşsyzlyk ỳyllarynda ỳetilen belent sepgitler hemde geçiriljek Halk Maslahatynda halkymyzyñ geljegi üçin ỳaşaỳỳş durmuşyny gowulandyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler barada görülýän täýynlyklar barada aýdylyp geçildi.


