2026-njy iýul  aýynyň 31-ne “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda  ýurdumyzda  geçirljek  Halk maslahaty barada jemgyýetiň işgärleriniň we meýletinçileriň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu çärede Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhy we syýasy taýdan örän ähmiyetli günleri başdan geçirýädigini şeýle taryhy wakalaryň iň esasysy bolsa, ýurdumyzyň döwlet dolandyryşynda we demokratik ösüşinde aýratyn orna eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleridir. Halk Maslahaty – bu biziň pederlerimizden gelýän milli demokratik ýörelgelerimiziň, agzybirligimiziň we maslahatlaşyp iş kesmek medeniýetimiziň döwrebap derejede dabaralanmagydyr.

Halk Maslahatynyň geçişi ýokary guramaçylyk we agzybirlik ýagdaýynda amala aşyrylýandygy barada  aýdylyp geçildi. Çäräniň dowamynda   Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda kabul edilýän taryhy çözgütler, ýaş nesilleriň kämil bolup ýetişmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagyny  üpjün  edändigini we Halk Maslahatynda diňe bir döwlet ähmiyetli däl, eýsem halkara giňişligindäki başlangyçlarymyz hem goldanyandygy barada  aýdylyp  geçildi.

    Bu mukaddes maslahatda ykdysady reformalar, oba senagat toplumynyň ösüşi, ylym-bilim, saglygy saklaýyş we sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy baradaky täze taslamalar yglan edilýär we tassyklanyandygy  barada aýdyldy. Halk Maslahatynyň barşy we yglan edilýän taryhy kararlar her birimizi täze zähmet üstünliklerine, Watanymyzy has-da gülläp  ösdürmäge ruhlandyrýar.

Çäräniň ahyrynda bolsa biz hem öz gezegimizde bu taryhy çözgütleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmekde, Garaşsyz Diýarymyzyň gülläp ösmeginde öz mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri gowulyga hem-de rowaçlyga ýar bolsun! Halk Maslahatynyň dabaraly we taryhy mejlisleriniň kararlary Watanymyza bereketi, parahatçylygy we uly üstünlikleri getirmegini arzuw  etdiler.