Aşgabat, 15-nji iýul, 2026-njy ýyl — Şu gün Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGYMJ) Merkezi edarasynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň döredijilik, medeniýet, ylym, sungat we atçylyk ulgamlarynyň öňdebaryjy wekilleriniň, şeýle hem jemgyýetiň işgärleriniň we meýletinçileriniň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. "GARAŞSYZLYK ŞAN-ŞOHRATYM, BEDEW BATLY TÜRKMENISTAN" diýlip atlandyrylan bu maslahat ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini, şöhratly taryhy hem-de medeni mirasyny we döwletimiziň bedew batly ösüşini dabaralandyrmaga gönükdirildi.
Bu çäre 2026-njy ýylyň "Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, mukaddes Watanymyz özüniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna dabaraly zähmet üstünlikleri bilen barýar. Şanly ýylyň şygary astynda ýurdumyzda guralýan halkara we döwlet derejesindäki çäreler milli medeni mirasymyzy, gadymy gymmatlyklarymyzy hem-de halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini bütin dünýä aýan edýär. Şunuň bilen baglylykda guralan dabaraly maslahat hem-de sergi, halkymyzyň baý taryhyny we Berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny aýdyň şöhlelendirdi. Maslahatyň dowamynda ynsanperwer diplomatiýa, ýaşlary meýletinçilik işlerine has-da işjeň çekmek, milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek ýaly derwaýys ugurlar boýunça giňişleýin pikir alyşmalar boldy.
Maslahatyň açylyş dabarasynda çäräniň alyp baryjysy S.Abdyýew gutlag sözi bilen çykyş edip, oňa gatnaşyjylary mübärekledi we döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuna uly baha berdi.
Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarym Milli jemgyýetiniň guramanyň sebitde we ýurdumyzda amala aşyrýan maksatnamalaýyn işleri barada durup geçdi. Ol öz çykyşynda Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň ynsanperwerlik gymmatlyklary, milli medeniýet we atçylyk sungaty bilen özara baglanyşygyny, bu beýik gymmatlyklaryň meýletinçileri has belent sepgitlere ruhlandyrýandygyny aýratyn belledi.Sungat we medeniýet ulgamyndan gelen myhmanlaryň çykyşlary maslahata aýratyn şöhrat berdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Ylym bölümüniň başlygy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sahragül Jammämmedowa milli medeniýetimiziň hem-de medeni gymmatlyklarymyzyň ýaş nesli ynsanperwerlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ornuny ylmy nukdaýnazardan düşündirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň Sungat bölüminiň müdiri Maýsa Atabaýewa ýaş nesillerde kitaba, sungata we halkymyzyň taryhy mirasyna bolan söýgini guramagyň tejribeleri barada täsirli gürrüň berdi.Halkymyzyň iň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan ahal-teke bedewleri maslahatyň möhüm mowzugy boldy. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň "Atlaryň kesellerini anyklamak we bejermek" kafedrasynyň müdiri Ejegül Öwezgeldiýewa döwletimiz tarapyndan döwrebap atçylyk ylmyny ösdürmek we ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan beýik işler barada gürrüň berdi. Halkara Ahal-teke sport toplumynyň Atçylyk bölüminiň seýsi, Türkmenistanyň Halk atşynasy Derýa Saparow bedewleri seýislemegiň milli mekdebiniň inçe syrlary we taryhy däpleri barada çykyş edip, ýygnananlaryň ahal-teke bedewlerine bolan buýsanjyny has-da goşalandyrdy.
Milli şekillendiriş sungatynyň we döredijilik dünýäsiniň wekilleriniň çykyşlary hem örän gyzykly boldy. Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarmyrat Ýazmyradow hem-de Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň gurnaýjysy Akgül Annasaparowa suratkeşlerimiziň eserlerinde bedewleriň we taryhy gahrymanlaryň wasp edilişini uly buýsanç bilen gürrüň berdiler.Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik giňişligindäki ornuny we sebitlerdäki hyzmatdaşlygy tanyşdyrmakda täze "smart" şäher bolan Arkadag şäheriniň uly ähmiýeti bar. TGYMJ-niň Arkadag şäher bölüminiň başlygy Arslan Gökjäýew täze şäherde meýletinçiler we sagdyn durmuş ugurlary boýunça durmuşa geçirilýän innowasion taslamalar barada täsirli çykyş etdi.
Çärä gatnaşanlaryň arasynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriň Halkara Federasiýasynyň wekili Aman Gapbarow, Medeniýet işgärleri bilen birlikde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni Şemşat Sуtdarowa hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni Jeren Pallykowa dagylar milli gymmatlyklaryň we zenanlaryň jemgyýetçilik işlerindäki ornuny dabaralandyrdylar. Şeýle hem TGYM-niň Merkezi edarasynda önümçilik tejribesini geçýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň (HGI) Halkara gatnaşyklar hünäriniň talyplarynyň bu maslahata gatnaşmagy ýaş nesilleriň ynsanperwerlik diplomatiýasy ulgamynda uly tejribe toplamagyna ýardam etdi.
Jemgyýetiň işgärleriniň we meýletinçileriniň uly gyzyklanma görkezen çykyşlaryndan soňra, dabaraly maslahatyň ýapylyşy boldy. Maslahata gatnaşyjylar çäräniň jemleýji böleginde milli medeni mirasymyzy gorap saklamakda, atçylyk we şekillendiriş sungatyny ösdürmekde hem-de ynsanperwerlik işlerini täze belentliklere götermekde döredip berýän giň mümkinçilikleri we yzygiderli goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny we hoşallyklaryny bildirdiler.





