2026- njy ýylyň 5-nji iýulynda Mukamlar köşginde, şanly Garaşsyzlyk baýramynyň 35-ýyllygyny dabaraly bellemegiň toý buşlukçysy mynasybetli döredijilik we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatdan ruhlanyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Balkan welaýat bölümi, welaýat Taryhy we ülkani öwreniş muzeýi bilen bilelikde “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan–at myradyň mekany” we Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35- ýyllygy mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda ýetilen sepgitler barada manyly söhbetdeşlikler edildi we Hormatly Arkadag Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza köp-köp sag bolsunlar aýdyldy.


