Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hakyky merkezine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, halkara giňişliginde belent duralgalara eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri durýar. Bu parasatly ýolbaşçylyk ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny barha belende galdyrmak bilen, durnuklylygy üpjün etmäge we döwletleriň arasynda hakyky ynamy dikeltmäge gönükdirilendir.
Merkezi Aziýada özara goldaw: Adatdan daşary ýagdaýlara garşy bilelikdäki ädimler:
2026-njy ýylyň 16-19-njy iýunynda Gyrgyzystan döwletiniň Bişkek şäherinde «Sebitleýin taýýarlyk, utgaşdyrma we adatdan daşary ýagdaýlara jogap bermek mümkinçiligini güýçlendirmek» maksady bilen okuw türgenleşigi geçirildi. Bu okuw türgenleşigine Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal, Mary, Daşoguz welaýat bölümleriniň «Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak» bölümçesiniň müdiri, Merkezi Aziýa Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň, IFRC-niň Merkezi Aziýa boýunça ýurt toparynyň wekilçiliginiň, sebitleýin ofisiniň, hyzmatdaş Milli jemgyýetleriň we Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (ICRC) wekilleri gatnaşdy.
Ýeri gelende aýtsak, bu türgenleşik okuwynda Merkezi Aziýada esasy meseleler ýagny, köp sanly tebigy howplar, ýer titremeler, derýa we suw joşmalary, süýşmeler we palçyk akymlary, howanyň aşa gyzmagy we guraklyklar ýaly hadysalar ýüze çykanda edilmeli hereketler, jemgyýetleriň üpjünçiligi we özara işjeňligi barada pikir alyşylyp, soraglar we teklipler maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimiziň öňünde goýýan belent wezipeleri, biziň öňümizde täze maksatlara tarap ýol açýar. Bu belent wezipeler, öňde goýlan belent maksatlar, bizi-ýaşlary ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, mundan beýläk-de has uly höwes we irginsiz zähmet çekmäge ruhlandyrýar we ganatlandyrýar!


