Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekilleri bilen bilelikde, 2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärä Daşoguz welaýatynyň Galla önümleri kärhanalarynyň inžener-tehniki gullukçylary, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine jogapkär işgärler hem-de meýletin ýangyn söndüriji toparlaryň agzalary gatnaşdylar.   Duşuşygyň dowamynda ýangyn-tehniki serişdeleriniň dogry we netijeli ulanylyşy, ýangynyň öňüni alyş çäreleri, adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň tertibi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-de gatnaşyjylaryň ýangyn-tehniki bilimlerini ýokarlandyrmak, howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmegiň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen degişli düşündiriş işleri geçirildi.  Çäräniň dowamynda hünärmenler tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmegiň önümçilik desgalarynda howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmekdäki möhüm orny bellenilip geçildi.