2026-njy ýylyň  maý  aýynyň  8-ne  TGÝMJ-iň  Merkezi  edarasynda  Halkara Gyzyl Haç hereketiniň döredilen gününe hem-de  9-njy  maý Ýeňiş günine bagyşlanyp  “MERDANA   PEDERLERIMIZE    TAGZYM” atly halkara maslahat  geçirildi. Maslahata Jemgyýetiň  Merkezi  edarasynyň, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň  wekili, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriň Halkara  Federasiýasynyň wekili, Ahal welaýat bölüminiň işgärleri we jemgyýetiň meýletinçileri gatnaşdy.

Bu  maslahatda Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň döredilmeginiň taryhy, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň gurluşlary, hereketiň esasy ýörelgeleri we halkara ynsanperwer hukugy baradaky hereketiň  kanuny esaslary,  hereketiň nyşanlary, olaryň tapawutly we goragly ulanylyşy barada gürrüň berildi.

        Şeýle-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  taryhynda Ikinji jahan urşy ýyllary (1941-1945) iň jogapkärli we gahrymançylykly döwürleriň biri bolup durýar. Şol ýyllarda jemgyýetiň işgärleri we meýletinçileri tylda hem-de söweş meýdanlarynda ägirt uly işleri bitirendiklerini gysga wagtyň içinde müňlerçe söweş meýdanlary we harby gospitalar üçin 

  •  şepagat uýalary we sanitar meýletinçileri taýýarlandy.
  • Meýletinçiler ýaralanan esgerlere ideg etdiler, olara hat ýazmaga kömekleşdiler we medeni çäreleri guradylar.
  • Gospitallary zerur bolan arassaçylyk serişdeleri, geýim we azyk önümleri bilen üpjün etmäge gatnaşdylar.

Uruş döwründe Gyzyl Ýarymaý diňe bir harby däl, eýsem ynsanperwer ugurda hem işledi:

  • Ewakuasiýa edilen maşgalalara, ýetim galan çagalara kömek bermek üçin ýörite fondlar döredildi.
  • Ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, ilat arasynda sanitar-arassaçylyk işleri geçirildi.
  • Fronta ugratmak üçin halkdan ýyly geýimleri, azyk önümlerini we sowgatlary ýygnamak işleri guraldy.

Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti uruş döwründe we ondan soňra hem maşgalalaryny ýitiren adamlary tapmakda, ýitirim bolan esgerleriň ykbalyny anyklamakda möhüm wezipäni ýerine ýetirendikleri  barada  aýdyp  berdiler.

Şu şanly sene mynasybetli geçirilýän çäreleriň hatarynda  aýratyn hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileriniň alyp barýan asylly işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde meýletinçi ýaşlar uruş we zähmet weteranlarynyň öýlerine baryp, olaryň hal-ahwallary bilen gyzyklandylar weteranlaryň ýatlamalaryny diňläp, taryhyň kyn pursatlarynda görkezilen gahrymançylyk mekdebinden nusga aldylar.     

      Watanymyzyň asuda asmany, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda gurban bolan gahrymanlaryň ýadygärligi hemişe kalbymyzda ýaşar. Olaryň görkezen edermenligi  ýaşlar üçin iň uly durmuş mekdebidir.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda weteranlarymyzyň sarpasy mundan beýläk-de belent tutulyp, nesilleriň arasyndaky mukaddes baglanyşyk dowamat-dowam bolar.