Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti döwletimiziň ynsanperwerlik işi esasynda ilata adatdan daşary ýagdaýlarda kömek bermekde, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik Maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şonuň ýaly-da, Halkara Ynsanperwerlik hukugy hem-de Hereketiň esas goýujy ýörelgeleri hakyndaky bilimleri ýaýratmakda işjeň kömekçisi bolup durýar.
2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” taslamasy boýunça hünärmeni tarapyndan Türkmenabat şäherinde ýerleşen harby bölümiň esgerleriniň, seržantlarynyň we serkerdeleriniň gatnaşmagynda, Halkara ynsanperwerlik hukugy, ynsanperwerlik hukugynyň ulanylyşy, ýerine ýetirilişi, ynsanperwerlik nyşanlary, maşgala aragatnaşyklaryny dikeltmek baradaky mowzuk boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäraniň dowamynda çykyş eden esgerler we serkerdeler halkara ynsanperwerlik hukugy baradaky düşünjeleriniň artandygyny, TGÝMJ-niň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeninň geçiren çäresini uly kanagatlanma bilen kabul edendikleri barasynda belläp geçdiler.
Harby gullukçylaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işleri – bu ýöne bir okuw däl, eýsem, Watan goragçysynyň ruhuny belent tutmak we döwletiň bähbitlerini goramak üçin gönükdirilen möhüm döwlet işidir.

