“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen Saglyk aý mynasybetli, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap bölüminiň 2026-njy ýyldaky iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri, meýletinçileri, Lebap welaýat Raýat goranyş we Halas ediş işleri müdürliginiň serkerde tälimçileri, Lebap welaýatynyň Saglygy goraýyş müdürliginiň lukmanlary we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýatynyň Polisiýa müdürliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň gullukçy işgärleri bilen bilelikde 2 (iki) günlik okuw we amaly türgenleşik köpçülikleýin çäresi geçirildi.

Okuw çäräniň birinji güni wakanyň okuw usulyýeti bolup ýokarda agzalan sapaklar boýunça gatnaşýan degili wekiller tarapyndan Milli jemgyýetiň taryhy, Halkara ynsanperwerlik hukugy, ýokanç we ýokanç  däl keselleriň öňüni almak, ýangyn söndüriji serişdeleriň ulanyş kadalaryny dogry peýdalanmak, Adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri, ýer titremesine garşy edilmeli hereketler we Lukmandan deslapky ilkinji kömek bermegiň kadalary barada çykyşlar, widio rolikler görkezildi.

Okuwyň ikinji güni, ähli gatnaşan wekiller usulyýetde alan bilimlerini amaly türgenleşik ýagdaýda görkezdiler.

Olardan: köçülikleýin ýitgilerde çadyrlary gurmak, ilkinji kömegiň ugurlary ewakuasiýa işleri geçirilip we howpsuz çadyr şäherine ýerleşdirdiler.

Çäreden soň, gatnaşyjylaryň hemmesi özünde galan täsirler boýunça   we pikir alyşdylar.