Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň, Köpetdagyň eteklerinde bosgunlaryň we gaçybatalga gözleýän adamlaryň köpçülikleýin gelmegi ýüze çykan ýagdaýynda   çäreleri görmek barada toplumlaýyn taktiki-ýörite okuw  geçirildi. Bu çärä ýurduň hukuk goraýjy edaralary we degişli pudaklaýyn düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) Balkan welaýat bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlary  dolandyrmak hünärmenleri hem gatnaşdy.

Okuw türgenleşiginiň esasy maksady — krizis ýagdaýyna uçran adamlar üçin howpsuzlygy, lukmançylyk hyzmatyny we mynasyp ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde ynsanperwer guramalarynyň we döwlet edaralarynyň taýýarlygyny barlamakdan ybarat boldy. Okuwlaryň dowamynda Magtymguly etrabynda köp sanly adamy wagtlaýyn ýerleşdirmek üçin niýetlenen  çadyrlar şäherçesi guraldy.

Şäherçäniň düzümine şular girdi: Hasaba alyş we ilkinji barlag nokatlary: gelýänleri anyklamak we olaryň esasy zerurlyklaryny kesgitlemek üçin.

Ýaşaýyş bölümi: ýatylýan ýerler we iň zerur serişdeler bilen üpjün edilen ýörite çadyrlar.    

Lukmançylyk bölümi: gaýragoýulmasyz kömek bermek we sanitar-epidemiologik gözegçiligi amala aşyrmak üçin göçme gospitallar. Iýmit we gigiýena zolaklary: meýdan aşhanalary we göçme ýuwunmak üçin niýetlenen desgalar.

Geçirilen okuw türgenleşigi ähli düzümleriň özara sazlaşykly işini görkezdi we Türkmenistanyň halkara ynsanperwer kadalaryna ygrarlydygyny tassyklady. Ýurduň halkara hukugynyň çäklerinde migrasiýa amallaryny netijeli dolandyrmaga bolan taýýarlygy sebit durnuklylygyny üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.