“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at - myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 1-30-njy aprel aralygynda ýurdumyzda yglan edilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriň biraýlygynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 14-nji sport mekdebiniň açyk meýdançasynda mekdep okuwçylardan düzülen Ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň “Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky” Kanunynyň 5-nji maddasynyň 2-nji böleginiň 8-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2026-njy ýylyň mart aýynyň 28-däki çykaran №26 belgili buýrugyna esaslanyp geçirilen bäsleşikde welaýatyň, Garabekewül, Farap, Kerki, Döwletli, Köýtendag, Halaç, Hojambaz, Dänew, Darganata we Çärjew etraplaryndan mugallymlarynyň jogapkärçiliginde gelen mekdep okuwçylary öz başarnyklaryny görkezip ýangyn howpsuzlugynyň düzgünlerini dogry berjaý etmek bilen bu ugurda taýýarlan çykyşlary boýunça bäsleşdiler. Gaty çekeleşikli we täsirli geçen ýaşajyk ýangyn söndürijileriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren jogapkärli wezipeleýin çykyşlaryna Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşiginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, şeýle-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri tarapyndan syn berilip bäsleşigiň ýeňijilerini gazanan ýeňişi bilen gutladylar. 1-nji ýere Garabekewül etrabynyň, 2-nji ýere Çärjew etrabynyň şeýle-de 3-nji ýere Farap etrabynyň ýaş ýangyn söndüriji toparlary eýe boldular. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşigi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümi öz gezeginde her bir topary hormat hatlary, medallar we diplomlar, bäsdeş toparlaryndan saýlanyp 1-nji ýere mynasyp bolan Garabekewül etrabynyň mekdep okuwçylary öz bäşarnyklaryny işjeňlik bilen görkezip tapawutlanandyklary üçin kubok bilen sylaglady. Bäsleşigiň soňunda ýangyn-amaly sport dabarasyna gatnaşan mekdep okuwçylarynyň yhlasynyň, gujur-gaýratynyň, başarnyklarynyň gelejekde Watanymyzyň gülläp ösmegine ullakan goşant boljakdygy bellenip geçildi we Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň jogapkär işgärleri elektrik enjamlaryny, elektrik ulgamlaryny ulanmagyň düzgünleri, yşyklandyryş enjamlaryny abat saklamagyň we ulanmagyň düzgünleri, görnüşine garamazdan ähli edara-guramalarda ýangyna garşy germewde bolmaly enjamlar, şol sanda ot-söndüriji enjamlaryň abatlygy, olary ulanmagyň düzgünleri, umuman ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň kadalary barada ýatladyp geçdiler.

