Türkmen halky gadymdan bäri maşgala ojagynyň mukaddesligine, agzybirligine, zähmetsöýerligine hem-de özara hormat-sylag ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berip gelýär. Bu mukaddes gymmatlyklar ýaş nesli terbiýelemegiň berk binýady bolup hyzmat edýär. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde we maşgala gatnaşyklarynyň durnuklylygyny üpjün etmekde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ýaş nesilleriň diňe bir öz maşgalasyna däl, eýsem tutuş jemgyýete peýdaly, ruhy taýdan baý şahsyýetler bolup kemala gelmegi esasy maksat bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ýaş nesilleriň edep-terbiýesi, salamlaşmak medeniýeti we özüňi alyp barmagyň düzgünleriniň gözbaşynyň hut maşgala mukaddesliginden başlanýandygy aýratyn nygtaldy. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde ahlaklylygy, ýagşy häsiýetleri we maşgala gymmatlyklaryny wasp edipdir:
“Ataň-eneň hyzmatyny et, Alkyşyny al, döwlet tap.”
Bu setirler ýaş nesiller üçin uly nesihat bolup, ene-atany sylamak, olaryň hyzmatyny etmek ýaly mukaddes borçlary ýatladýar. Hakykatdan-da, maşgala terbiýesi – ähli gowy häsiýetleriň gözbaşydyr.
