Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň Garaşsyzlyk etrap wekili tarapyndan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre Garaşsyzlyk etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçylarynyň arasynda guralyp, onda häzirki zaman türkmen jemgyýetimizde milli mirasymyzyň ähmiýeti giňişleýin düşündirildi. Hususan-da, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň — keşdeçilik, gaýma, örüm sungaty we tikinçilik ýaly hünärleriň gymmaty barada gürrüň berildi. Şeýle-de okuwçylara nusgalyk türkmen zenany Ogulabat ejäniň göreldeli ömür ýoly barada täsirli maglumatlar ýetirilip, onuň zähmetsöýerligi, başarnygy we asylly häsiýetleri ýaş nesiller üçin görelde hökmünde görkezildi. Çäräniň dowamynda milli lybaslarymyzyň we haly nagyşlarymyzyň mukaddesligi, olaryň halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Geçirilen wagyz çäresi ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmaga, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine oňyn täsir etdi.
