Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Baky Bitarap Türkmenistan döwletinde 2026-njy ýyl “Bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadanlygyny we saglygyny goramakda ilata durmuş taýdan goldaw bermekde, ýaşlary milli däp-dessurlaryň ruhunda terbiýelemekde we ynsanperwerlik gymmatlyklary ýaýratmakda Hormatly Gahryman Akadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň öňde goýan maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde saldamly goşantlaryny goşup gelýär.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň 2026-njy ýylyň iş meýilnamalarynyň esasynda aprel aýynyň 1-30-y  aralygynda  ýurdumyzda  yglan  edilen “Sagdynlyk  we  bagtyýarlyk” atly  köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriň bir aýlygynyň çäklerinde  beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýyzygiderlikde edara-guramalarda, orta mekdeplerde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport bilen baglanyşykly wagyz-nesihat duşuşyklary, sport bäsleşikleri geçirilýär.  Bu ugurda Milli jemgyýetimiziň esasy maksatlarynyň biri  saglyk syýasatyna eýerýän ýurdumyzda “Sagdynlyk  we  bagtyýarlyk” atly  köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriň bir aýlygynyň çäklerinde, uly jogapkärçilik duýup, ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadanlygyny we saglygyny goramakda, halkymyza ruhy we durmuş taýdan goldaw bermekde Döwletimiziň iň ýakyn ýardamçylary bolmak bilen özlerini kämilleşdirip, taýýarlap ustünliklere, gowy netijelere tarap alyp barýar.   

 Bize şeýle çäreleri gurnamaga, işlemäge, döretmäge, aň-bilimiňi artdyryp has-da öňe gitmäge, ösmäge ullakan mümkinçilikler döredip berýän, il-ýurdumyzyň, tutuş dünýäniň parahatçylygy, durnukly ösüşi, halkyň saglygy, eşretli gelejegi üçin uly tagallalary edýän Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, umumy adamzat bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýän.