Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylda döredildi. 1991-nji ýyla çenli TGÝMJ-i öz işini SSSR-ň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri birleşiginiň düzüminde amala aşyrdy. 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen TGÝMJ-i Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň esasgoýujy ýörelgelerine (ynsanperwerlik, tarapçalmazlyk, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, ýeketäklik, köptaraplylyk ugrunda öz işini amala aşyrýar. 1995-nji ýylda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň durnukly 164-nji agzasy boldy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy baýramçylygynyň öň syrasynda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň agzybir işgärleri şeýle hem myhmanlar Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň şanly 100 ýyllygyny uly buýsanç bilen garşylaýar. Ine şu gün ajaýyp pursat sebäbi 2026-njy ýyl Türkmenistan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylydyr. Biz şu jemgyýetiň zähmet çekýän işgärleridigine begenjimiz çäksizdir. Bu ugurda Lebap welaýat bölüminiň işgärleri mundan beýläk-de TGÝMJ-ň Tertipnamasyna we Düzgünnamasyna laýyklykda köp taraply işleriniň gerimini giňeltmäge hem-de durmuşa ornaşdyrmaga özümiziň mynasyp goşandymyzy goşarys. Biz adam ynsanyna jemgyýetimiziň ynsanperwer ugurlaryna eýerip, egin-egine berip hemişe işlemäge hyjuwymyzy artdyrarys. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň agzybir işgärleriň, meýletinçileriň we edara-guramalardaky zähmet çekýän işgärleriň, Milli jemgyýetiniň agzalarynyň şeýle hem myhmanlaryň gatnaşmagynda Türkmenabat şäheriniň Merkezi medeniýet öýünde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda gatnaşýan degişli wekiller tarapyndan baýramçylyk gutlag sözleri aýdyldy. Şu pursatda öz adymdan we işgärleriň, meýletinçileriň adyndan merkezimiziň agzybir işgärlerini gatnaşýan wekilleri, meýletinçileri şeýle-de TGÝMJ-niň Arkadag şäheri, Ahal, Balkan, Mary, Daşoguz welaýat bölümlerindäki egindeşlerimizi bu baýramçylyk mynasybetli mähirli gutlaýaryn! Sözümiň soňunda bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin.



