2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky binasynda ýaş meýletinçileriň gatnaşmagynda "Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça bäsleşik" geçirildi.
TGÝMJ-niň Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak bölümi tarapyndan guralan bu çäre, meýletinçileriň dürli kynçylyklarda çalt we dogry karar bermek ukyplaryny kämilleşdirmegi maksat edindi. Bäsleşik toparlaýyn görnüşde geçirilip, her toparda 4-5 sany meýletinçi özara güýç synaşdy.
Bäsleşik dört sany esasy tapgyrdan ybarat bolup, gatnaşyjylar özleriniň nazary we amaly bilimlerini aşakdaky ugurlar boýunça görkezdiler:
1-nji tapgyr — Maşgala taýýarlygy: Meýletinçiler maşgala derejesinde adatdan daşary ýagdaýlara öňünden taýýarlyk görmegiň usullaryny beýan etdiler.
2-nji tapgyr — Nawigasiýa we ewakuasiýa: Toparlar berlen kordinatlar we ugurlar boýunça dogry ýoly tapmakda hem-de adamlary howpsuz ýere göçürmekde bäsleşdiler.
3-nji tapgyr — Fiziki taýynlyk: Bu tapgyrda gatnaşyjylaryň çydamlylygy, tizligi we fiziki taýdan taplanandygy barlanyldy.
4-nji tapgyr — Bilim we kreatiwlik: Meýletinçiler adatdan daşary ýagdaýlara degişli soraglara jogap berip, meseleleri çözmekde öz döredijilikli çemeleşmelerini hödürlediler.
Gyzykly we dartgynly geçen bäsleşigiň netijesinde, ähli tapgyrlarda ýokary görkezijileri gazanan "Ýolbars" topary ýeňiji boldy.
TGÝMJ-niň wekilleriniň bellemegine görä, bu hili çäreler meýletinçileriň diňe bir fiziki we bilim taýdan taýýarlygyny däl, eýsem olaryň agzybirligini we topar bolup işlemek ukybyny hem güýçlendirýär. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere we işjeň gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.