2025-nji ýylyň  19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň mejlisler zalynda möhüm syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli çäre geçirildi.Bu dabaraly duşuşyk Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyny hem-de ählumumy howpsuzlygy we ynamy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Bu dabaraly çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde geçirilmegi döwlet syýasaty bilen ynsanperwer, jemgyýetçilik işleriň bitewüligini görkezýär.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň 9 bölümden ybarat bolup,onda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilip, ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýylyň içinde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýetli gurala öwrüldi. Şeýle hem çykyşlarda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň häzirki zaman durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady hökmünde ykrar edilendigi barada aýdyldy.

Kitabyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar” atly jemleýji bölüminde ýurdumyzyň Bitaraplyk ýyllary içinde ýola goýan gatnaşyklaryna, hormatly Prezidentimiziň halkara forumlarda eden çykyşlaryna we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda baglaşylan halkara ylalaşyklara möhüm orun berlipdir.

Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary boýunça suratlar ýerleşdirilip, kitabyň bezeg aýratynlyklarynа möhüm ähmiýet berlipdir.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler bu neşiriň giň okyjylar köpçüligi, aýratyn-da ýaş nesil üçin möhüm gollanma boljakdygyny, watançylyk ruhunda terbiýelemkde , ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny wagyz etmekde möhüm gollanma boljakdygyny nygtadylar.

Bu çäre dostlukly , ruhubelent ýagdaýda geçip, oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilmeginiň döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyny görkezýändigini nygtadylar.