Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli, “Milli jemgyýetiň ynsanperwer ugurdaky kömekçi hyzmatyny goldamak” taslamasynyň işgärleri Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistandaky wekilliginiň goldawy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary üçin okuw çäresini geçirdiler.

Okuw sapagynyň maksatnamasyna girizilen “Ynsanperwerlik hartiýasy we ynsanperwer kömeginiň minimal standartlary” atly nutuk bilen talyp ýaşlar  ynsanperwer guramalaryň işini düzgünleşdirýän halkara resminamalar, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda ynsanperwer kömegini bermek boýunça halkara kadalar bilen giňişleýin tanyşdylar. Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň işiniň esasy gymmatlyklary bolup durýan bitaraplyk, garaşsyzlyk we tarap çalmazlyk ýörelgeleri barada aýratyn üňs berildi.

Çäräniň dowamynda talyplar halkara ynsanperwerlik hukugynyň esaslaryna bagyşlanan bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Olar berlen soraglary üstünlikli ýerine ýetirip, bu ugur boýunça ýokary taýýarlyk derejesini hem-de uly gyzyklanma bildirýändiklerini subut etdiler.

Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň baýram edilýän günlerinde şeýle çäreleriň geçirilmegi ynsanperwer gymmatlyklaryň ähmiýetiniň artýandygyny we olaryň yzygiderli öwrenilmelidigini hem-de durmuşa ornaşdyrylmagy zerurdygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem-de Halkara Gyzyl Haç Komiteti ýaşlaryň arasynda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimini pugtalandyrmagy, ynsanperwer jogapkärçilik medeniýetini ösdürmegi dowam etdirýär.