2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) işgärleri, şeýle hem Jemgyýetiň işlerini yzygiderli beýan edýän metbugat wekilleri üçin jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat işi boýunça okuw-seminary geçirildi. Çäre Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Türkmenistandaky wekilligi tarapyndan, HGHK-niň Merkezi Aziýa boýunça jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Ermek Baýsalowyň gatnaşmagynda guraldy.

Okuwyň maksady TGÝMJ-niň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat beriş ukyplaryny pugtalandyrmakdy. Bu bolsa netijeli ynsanperwerligiň möhüm bölegidir. Gatnaşanlar daşky diňleýjiler bilen işleşmegiň esasy ýörelgeleri, ýokary hilli maglumat materiallaryny taýýarlamagyň usullary, häzirki zaman maglumat paýlaýyş serişdeleri we habarlaryň görlüşi bilen tanyşdylar.

Esasy üns maglumat ýygnamak, maglumatlaryň takyklygyny we çaltlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ynsanperwer guramalarynyň işi barada habar berende etiki kadalara eýermek meselelerine gönükdirildi. Amaly bölümde gatnaşyjylar habar taýýarlamak, niýetlenen okyjy toparlaryny seljermek we görkezme mazmuny döretmek boýunça edilen wezipeleri üstünlikli tamamladylar.

Çärä gatnaşanlara ýüzlenip, jenap Ermek Baýsalow jemgyýetçilik bilen aragatnaşykda ulgamlaýyn çemeleşmäniň aýratyn möhümdigini belläp, bu ugurda TGÝMJ-iň işgärleriniň hünär taýýarlygynyň ýokarlanmagynyň jemgyýetde ynsanperwer işlere bolan düşünjäni, ynamy we aç-açanlygy güýçlendirýändigini nygtady.

Bu okuw Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrýan hem-de jemgyýetiň işgärleriniň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat işi boýunça hünär derejesini ýokarlandyrýan nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu bolsa ynsanperwer işleriň has täsirli beýan edilmegine mümkinçilik berýär.