Halkymyzyň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (TGÝMJ) gözel tebigatly Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Çynar” çagalar sagaldyş merkezinde okuw çäresini geçirdi.

               Okuw çäresinde gündelik durmuşda her bir adama zerur bolan möhüm başarnyklara we bilime aýratyn üns berildi. TGÝMJ-niň hünärmeni çagalar bilen gyzykly we interaktiw görnüşde lukmandan deslapky ilkinji kömegini bermek, ýer titremesi döwründe dogry hereket etmek ýaly möhüm mowzuklarda işleşdi. Şeýle hem, tomus möwsüminde möhüm bolan – zäherli haýwanlaryň çakmagy we gün urmasyndan goranmak baradaky maslahatlar berildi. Çäräniň görnüşi diňe bir gurak sapaklardan ybarat bolman, eýsem amaly türgenleşikler bilen utgaşdyryldy. Çagalar oýun görnüşinde nazaryýeti özleşdirip, şol bir wagtyň özünde amaly başarnyklary hem kämilleşdirdiler. Çagalar okuw çäresine uly höwes bilen gatnaşdylar. Okuwdan soňra olar täze alan bilimlerini maşgala agzalary, dost-ýarlary we deň-duşlary bilen paýlaşjakdygyny aýtdylar.

               Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti “Çynar” çagalar-sagaldyş merkeziniň ýolbaşçylaryna we işgärlerine çäräni gurnamakdaky goldawy, işjeň gatnaşanlygy we okuw üçin döredilen amatly şertleri üçin minnetdarlyk bildirýär. Şeýle hyzmatdaşlyk jemgyýetimiziň howpsuz we ähli kynçylykly ýagdaýlara taýýarlykly bolmagyna uly goşant goşýar.