Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynda, 2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda, Türkmenistan Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Lebap velaýat bölüminiň “Gaýrat” meýletinçiler merkeziniň meýletinçileri Türkmenabat şäherindäki Saglygy dikeldiş we okuw terbiýeçilik toplumynda haýyr-sahawat çäresini geçirdiler. Möhüm senä, Halkara çagalar gününe bagyşlap, meýletinçiler maýyplygy bolan çagalar üçin baýramçylyk çäresini guradylar we geçirdiler. Toplumda, mekdebe çenli çagalar bölüminde, toplumyň administrasiýasynyň goldawy bilen meýletinçiler çagalar bilen dürli okuw oýunlaryny geçirdiler. Çäräniň dowamynda çagalar reňkleri çakladylar, jedeller düzdüler we dürli şekilli piramidalary ýygnadylar.

Birnäçe sport oýunlary hem geçirildi, onda "Şadyýan başlangyçlar" ýaryşynyň käbir elementleri ulanyldy. Sport oýunlary wagtynda çagalar piramidalaryň, mozaikalaryň we şuňa meňzeş ösüş oýunlarynyň elementlerini öz toparyna getirmeli boldular. Sport oýunlary bedeni, motor ukyplaryny, şeýle hem çagalaryň logiki, giňişlik we döredijilikli pikirlenmesini ösdürmäge gönükdirilipdi. Şeýle hem, toparlaýyn işleşmegi, dostlukly goldawy we bäsleşigi görüp bildiler. Çagalara toparlaýyn işlemek, ulularyň we ýoldaşlaryň goldawyny bermäge synanyşdyk.

Çäräniň ahyrynda meýletinçiler ähli gatnaşyjylara reňkleýji kitaplary, reňkli galamlary, pozujylary we lineýkalary mundan beýläk döredijilik taýdan ösmegi üçin niýetläp, sowgat berdiler.