2025-nji ýylyň iýun  aýynda  Işgärleriň we meýletinçileriň arasynda  TGÝMJ-i tarapyndan  gurnalan Maşgalam başgalam  atly wagyz-nesihat  çäresi  geçirildi. Edilen çykyşlarda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde we ahlak taýdan ösdürmekde maşgalanyň paýynyň uludygyna aýratyn uly üns berildi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, her bir maşgalada watansöýüjilige, zähmetsöýerlige, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Watana wepaly, sowatly, medeniýetli, ruhubelent ogul-gyzlary kemala getirmek her bir türkmen maşgalasynda mahsus bolan ýörelgä öwrülýär. Maşgala jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, hut maşgalada ruhy gymmatlyklaryň kemala gelýändigi, maşgala gatnaşyklarynda ahlaklylyk ýörelgeleriniň berkidilmeginiň jemgyýeti ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýändigi barada täsirli mysallar arkaly aýdyldy. Döwletimiziň durmuş syýasatynyň maşgalany we maşgala gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirilýändigi, maşgala bolansoň ony  gözüň  göreji  ýaly saklamalydygy  barada  birnäçe başdan geçen wakalaryň halk  arasynda  aýdylan   şorta  sözleriň  üstü  bilen beýan edildi.