2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda TGÝMJ-iň Mejlisler zalynda “PARAHATÇYLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BERK BINÝADY” atly çärei geçirildi. Bu çärä TGÝMJ-niň Ahal welaýat bölümi, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriň Halkara Federasiýasynyň we Gyzyl Haç Halkara Komitetinyň ýurdumyzdaky wekilleri, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň, Türkmenistanyň Senagat we Telekeçiler partiýasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň wekilleri gatnaşdylar we özlerniň alyp barýan işleri barada döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde alynyp barlylýan işleri barada aýdyp geçdiler. Eziz Diýarymyzda belent ruhubelentlik bilen giňden bellenilip geçilen Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, 8-nji maý Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň döredilen güni barada hem-de 1-nji iýun Çagalary goramagyň Halkara güni bilen ajaýyp gutlag sözleri aýdyldy. Bu şanly seneler halkymyzyň agzybirliginiň, döwlet gurluşymyzyň mizemezliginiň, döwletli Diýarymyzyň dünýäde eýeleýän mertebesiniň aýdyň nyşanydyr diýip belläp geçdiler