Balkan welaỳatynyñ  Gyzylarbat  etrabynda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça meýdan okuwy geçirildi. Senariýa görä, suw joşguny ỳüze çykdy. Ejir çekenlere  amatly ýaşamak üçin ähli şertleri   wagtlaýyn ýaşaýyş lagerinde döredildi: hasaba alyş nokady, lukmançylyk merkezi, mekdep we çagalar bagy, naharhana, ynsanperwer kömegini paýlaýyş nokady we beýleki durmuş goldaw nokatlary. Türkmenistanyñ Gyzyl Ỳarymaỳ  Milli jemgyỳetiniñ  Balkan welaỳat bölümi,  ilkinji kömek bermek, ýaşaýyş pudagy we ynsanperwer  kömek paýlaýyş nokady üçin jogapkärdi. Maşgala çadyrlary guruldy we zerur zatlar bilen üpjün edildi: düşek, sanitariýa we arassaçylyk enjamlary. Ynsanperwer  kömek paýlanyş nokadynda gatnaşyjylara azyk paýlandy. Şeýle okuwyñ  maksady, hakyky ýagdaýda ejir çekenlere  kabul etmek işini üstünlikli bolmagy üçin ähli guramalaryň we edaralaryň taýýarlygyny barlamakdyr.