Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary  bilen bilim ulgamynda uly özgertmelere badalga berildi. Şu nukdaýnazardan,ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan sagdyn ösüp ýetişmegi,olaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Şeýle bäsleşiklere mekdep okuwçylary meýletinçiler uly hyjuw bilen okuw sapaklaryny öwrenip taýýarlanýarlar.Meýletinçilerden düzülen “Ýaş gözegçiler” toparynyň meýletinçilerine “Ilkinji kömek dersi boýunça maý aýynyň 2-ne,7-ne Türkmenistanyň  Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  Ahal welaýat bölüminiň Sarahs etrap bölümçesinde öwrediji okuw geçirildi. Okuw sapagyň maksady ýaşlara  Adatdan daşary  ýagdaýda “Lukmana çenli ilkinji kömek “düzgünlerini öwretmek  bolup  durýar.