8-nji we 9-njy maýda Türkmenistanyň Gyzyl  Ýarymaý  Milli jemgyýetiniň Aşgabat  şäheriniň  meýletinçileri Beýik Watançylyk Urşunda  ýeňiş gününi bellemek üçin baýramçylyk çäresini geçirdiler. Kiçijik konsert programmasyny taýýarladylar we iki topara bölünip, Aşgabat şäheriniň alty  sany ýaşaýjysyna, söweş  çagalaryna we urşuň yzynda  galan zenanlaryna baryp gördüler. Olaryň her biri üçin çagalar konsert berdiler: uruş döwrüniň aýdymlaryny aýtdylar, goşgy okadylar we wals tans etdiler.

Weteranlaryň hemmesine Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti tarapyndan gülleri we sowgatlary gowşuryldy.

Beýik Watançylyk urşunyň yzynda galan zenan Fania Abaýdullinanyň  we Sagida Krutikowa çagalara urşuň kyn günleri we basyp alyş döwri barada gürrüň berdi. Şol wagt adamlar üçin nähili gorkunç we kyndygyny ýada saldylar, ýöne ruhuň güýji we topragyna bolan söýgi iň garaňky güýçleri  ýeňip geçýändigi barada  aýdyp  berdiler. Weteranlar bilen göni aragatnaşyk meýletinçileri haýran galdyrdy. Şeýle ýygnaklar ýaş nesle taryhy ýatdan çykarmazlyga, watanyny söýmäge we ýaşuly  nesle hormat goýmagy öwrenmäge mümkinçilik berýär.