Bütindünýä  saglyk güni mynasybetli TGÝMJ-nyň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri we meýletinçileri tarapyndan Daşoguz welaýat maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent kadalaryny dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde eziz Diýarymyzda bu baýram ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bütindünýä saglyk güni mynasybetli täsirli çäreleriň guralmagy, mekdep okuwçylarynyň, hünär bilimi edaralarynyň talyplarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda welosipedli ýörişleriň, sportuň görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi, sagdyn iýmitlenmegiň, sagdyn  durmuş ýorelgeleriniň,  ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýandygyny  barada  buýsançly çykyşlar etdiler. Çärä  gatnaşyjylara TGÝMJ-iň  hünärmenleri we meýletinçileri  tarapyndan taýýarlanan   sorag-jogaplar,  saglyk  barada  aýdylan  dana sözler  bilen gyzyklandyrdylar.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň sagdyn durmuşda, bagtyýarlykda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän bizi şeýle bagtly, ajap döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözleri  aýdyldy.