Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministirligi bilen bilelikde “Halkara ynsanperwerlik hukugy” baradaky bilimleri ýaýratmak boýunça meýilnamasynyň esasynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Goranmak Ministirliginiň 28627-belgili harby bölüminiň serkerdeleriniň-esgerleriniň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň işgärleri tarapyndan “Halkara ynsanperwerlik hukugy” ugry boýunça wagyz-nesihat işleri geçirildi.
Ilki bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketi barada, Hereketiň düzüm birlikleriniň işiniň esasy ugurlary hem-de Hereketiň Esas goýujy ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň 1926-njy ýylda döredilenligini, bu ýyl bolsa mart aýynyň 26-na 99-ýyl dolýandygy barada taryhy maglumatlary gürrüň berdiler.