2025-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri üçin "Ynam" jemgyýetçilik guramasynyň işgäri Mahri Hallyýewanyň  alyp  barmagynda TGÝMJ-niň 20  sany meýletinçileriň gatnaşmagynda  okuw treningi geçirildi. Ol gatnaşyjylara adam söwdasy meselesi boýunça we bu babatda özlerini we ýakynlaryny nädip goranmalydygyny aýtdyp  geçdi.Meýletinçilere dürli ýagdaýlarda howp abananda nähili hereket etmelidigine düşünmek üçin dürli simulýasiýa ýagdaýlaryny oýnadylar. Şular ýaly wakalar meýletinçileriň habardarlygyny we adatdan daşary ýagdaýlarda taýýarlygy ýokarlandyrmaga kömek edýär. Bu çäre meýletinçiler üçin örän manyly we peýdaly boldy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri bu bilimleri deň-duşlarynyň arasynda ýaýradar diýip umyt edýäris.