Golayda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň meýletinçileri tarapyndan   Daşoguz  şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen  29-njy orta mekdebiniň  11-nji synp okuwçylarynyň arasynda  “Ynsanperwerlik beýik ýörelge” ady bilen okuw sapagy geçirildi. Ol pederlerimizden miras galan ahlak düzgünleriniň giden bir ulgamydyr.Aslynda ynsanperwerlik diýen düşünje biziň ata-babalarymyzdan gelýän birek-birege hemaýat etmek ýaly beýik adamkärçilik sypatlaryndan ybaratdyr.

 Sapagyň  dowamynda  okuwçylara  TGÝMJ-niň döreýiş  taryhy barada giňişleýin öwredildi.   

  “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda meýletinçilik hereketini ýaýbaňlandyrmak, TGÝMJ-niň jemgyýetçilik çärelerine we jemgyýetçilik birleşikleriniň durmuşyna ýaşlaryň we ýaşuly nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmak ýaly maksatlar öňümizde uly wezipe bolup durýar.