25-nji dekabrda meýletinçiler Aýaz baba   Garpamyk bilen  bilelikde Aşgabat şäherinde ýerleşýän  onkologiýa merkezinde  bejergi alýan çagalar  bilen görüşdiler. Şol gün çagalar üçin ýylgyryşlar we gülki bilen dolýan mähirli günleriň biri  boldy.

Animatorlar baýramçylyk mynasybetli  çykyşlar  etdiler. Aýaz  baba  we Garpamyk  TGÝMJ-niň,  mähirli  adamlaryň we meýletinçileriň goldawynyň kömegi bilen taýýarlanan çagalara sowgatlar  berdiler. Çagalar joşgunly goşgulary okap, Täze ýyl aýdymlaryny aýtdylar.