BAŞ SAHYPA

Men, Adaýewa Marýam, 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri TGÝMJ-niň meýletinçi. Höweslendirmek hökmünde, TGÝMJ-niň adyndan 2024-nji ýylyň 18-23-nji iýuny aralygynda Solferino şäherinde, Italiýada ýaşlar liderleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin maňa ygtyýar berildi.

Solferino diňe bir kiçijik Italýan şäherçe däl, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň taryhynyň başlanan ýeri. Bu ýerde, 1859-njy ýylda fransuz-italýan goşunlary bilen awstriýalylaryň arasynda söweş bolup geçdi, “GH we GÝ” hereketini esaslandyryjy Andri Dýunan, uruş elhençligine şaýat bolup, ynsanperwerlik guramasyny döretmek  we uruş wagtynda ejir çekenlere kömek etmeli diýen pikirini öňe sürdi.

Solferinoda Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 51 ýurdunyň wekilleri ýygnandy. Duşuşyk maksatnamasy Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetleriniň işini gowulandyrmak boýunça dürli sapaklary we master sapaklary öz içine aldy. Meýletinçiler tejribe alyşdylar we işlerini gowulandyrmagyň ýollaryny  maslahatlaşdylar. Biz Solferinada,Italiýa ýurduň medeniýeti bilenem tanyşdyk. Bizi Italiýanyň Gyzyl Haç muzeýine çagyrdylar, köp zatlary öwrendik. Gatnaşanlar üçin aýratyn dostluk we agzybirlik goşan italýan aýdymçylarynyň çykyşlary bilen konsert guraldy.

Meniň üçin iň ýatdan çykmajak pursat “Fiacolata” festiwalyna gatnaşmakdy.  Meýletinçiler, 1859-njy ýyldaky söweşde ölenleriň hatyrasyna baýdak göterip, Solferinonyň hemme ýerinde fakel bilen 13.2 kilometr aralygy geçdiler. Bu ýöriş dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylary birleşdirip, taryhyň hormatynyň nyşanyna öwrüldi.

Italiýa syýahat meniň üçin meýletin işimde möhüm tapgyra öwrüldi. Okuwda alnan okuw we beýleki ýurtlaryň kärdeşleri bilen aragatnaşyk gurmak meniň bilimimi we başarnygymy baýlaşdyrdy we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň gymmatlyklaryna has gowy düşünmäge mümkinçilik berdi.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15209690
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
7503
15899
600144
508799
15209690

Siziň IP: 3.137.216.227
2024-10-31