BAŞ SAHYPA

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda her ýylyň 11-nji iýulynda bellenilýän halkara sene — Bütindünýä ilat güni mynasybetli 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

Dünýädäki häzirki ýagdaýa we dürli ýurtlarda adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna umumy syn berýän resminama adamzadyň aýratyn üns bermeli esasy ugurlaryny kesgitleýär. Ilkinji nobatda, bu reproduktiw saglyk babatda zenanlaryň hukuklaryna we mümkinçiliklerine degişlidir.

 Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama umumy maksatlara ýetmek üçin taraplaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklaýar.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15964190
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8442
21971
314585
430988
15964190

Siziň IP: 3.138.123.251
2024-12-21