TGÝMJ-niň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň gurnamagynda, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen alnyp barylýan ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alyp, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň wekili, meýletinçileri  etrabyň çägindäki  çagalar baglarynda, orta mekdeplerde dürli adatdan daşary ýagdaýlarda, betbagtçylylykly hadysalar ýüze çykanda ýaş nesillere ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek,  adam saglygyna zyýan ýetirýan howpyň öňüni almak barada  wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Çünki seresaply bolmagyň endiklerini öwretmek, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.