Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gulluk akademiýasy tarapyndan Türkmenistanyň  Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärlerine gysga möhletli,  “Häzirki zaman etiki kadalary, dolandyryş işi we hukuk gatnaşyklary” ady bilen okuw sapaklary geçirildi.

Okuw meýilnamasy  bazar ykdysadyýetiniň hukuk upjünçiligi, häzirki zaman etiki kadalary, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ahlak kadalary, dolandyryş psihologiýasy,  sagdyn-durmuş ýörelgeleri dersleri öz içine alýar.

Okuwyň ahyrynda synag geçirilip, synagy üstünlikli geçen ähli diňleýjilere  şahadatnama gowşuryldy.