Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde ,Türkmenistanyň  Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  Ahal welaýat bölüminiň işgärleri tarapyndan “TGÝMj-niň”döredilenine 97-nji ýyl”  bolanlygy mynasybetli dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda meýletinçiler TGÝMJ-niň ýedi ýörelgelerine esaslanyp, her ýörelgä degişli gysgajyk sahnadyr goşgylar bilen çykyş edildi. Bu ýörelgeler- ynsanperwerlik, tarap çalmazlyk,  bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, ýeke-täklik we köpugryllyk bolup durýär.  Dabara gatnaşat meýletinçilere çykyş edip görkezilen başarjaňlyklaryny sowgatlar bilen sylaglanyldy.