Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda “Taryhy we ülkäni öwreniş” muzeýinde Baky Bitaraplygymyzyň 27-ýyllyk şanly senesi mynasybetli dekabr aýynyň 06-na “Taryhy we ülkäni öwreniş” muzeýiniň işgärleriniň we Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “Bitaraplyk röwşen geljegimiziň baky binýady” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Parahat söýüji dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän, ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ata Watanymyz bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem tutuş dünýäde özüniň at-abraýyny, syýasy ornuny has-da berkitdi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty özara düşünişmek, birek-birege sarpa goýmak ýaly ynsanperwer ýörelgelere gönükdirilendir. Asuda we erkana durmuş halkymyzyň, ata-babalarymyzyň asyrlap arzuw eden arzyly gymmatlygydyr. Şeýle gymmatlygy agzybirlikde, jebislikde, ajaýyp döwürde halkara derejesinde toý-baýram etmek bolsa, her bir ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak uly bagtdyr diýip çykyş edenler Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň dabaraly bellenilýän 27 ýyllyk baýramynyň tutuş dünýä üçin wajyp ähmiýetini nygtadylar.