5-nji  awgustda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetinde Ženewa Konwensiýalarynyň we Goşmaça teswirnamalaryň  türkmen diline çap edilen neşiriniň  tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

 Ženewa Konwensiýalary Halkara Ynsanperwerlik Hukugynyň esasy resminamasydyr. Bu hukuk pudagy ýaragly dawalarda we  parahatçylyk döwründe ulanylýar. Ženewa Konwensiýalaryny ýerine ýetirmek, şol sanda milli dillere terjime etmek we ýaýratmak, bu resminamalara goşulan döwletleriň borçlary bolup durýar.

  1992 –nji ýylda Ženewa Konwensiýalarynyň we Goşmaça protokollaryň Turkmenistanda  ratifisirlenenden soňra  TGÝMJ-ti Turkmenistanyň çäginde öz ynsanperwerlik işini Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň esas goýujy ýörelgelerine eýerip ýerine ýetirýän   ýeketäk  jemgyýetçilik gurama bolup durýar – diýip, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa belleýär.

 

Häzirki wagtda Ženewa Konwensiýalary 194  döwletde ratifisirlendi  we  dünýäniň  dürli dillerine terjime edildi. Bu resminama türkmen diline ilkinji gezek terjime edildi – diýip, Halkara Gyzyl Haç  Komitetiniň Aşgabatdaky bölüminiň başlygy Jennet Şihmuradowa belleýär.

 

Goşmaça maglumatlar barada Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Aşgabatdaky bölüminiň

başlygy Jennet Şihmuradowa ýüzlenip bilersiňiz.

Tel: +993 12945796

Saýt: http://www.iсrс.org/rus

Ýa-da

 

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň informasion-resurs merkezi Salgy:

Aşgabat şäheri, Azady köçesiniň 44/2 jaýy, tel: 94-57-97

         Saýt: http://www.tgymj.gov.tm